2021-08-23
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň
24-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Aşgabat
şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynyň meseleleri
hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Gurluşyk we
binagärlik ministrliginiň garamagynda «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynda
guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin Gurulýan
desgalaryň direksiýasy döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Direksiýanyň
öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Şeýlelikde, Direksiýanyň esasy wezipeleriniň biri «Aşgabat
şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynyň meseleleri
hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji maýynda çykaran Kararyna
laýyklykda öňde goýlan wezipeleriniň ýerine ýetirilişini üpjün etmekdir. Şeýle
hem Direksiýa ýaşaýyş jaýlaryny, edara jaýlaryny, jemgyýetçilik ymaratlaryny,
jemagat we durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, awtoýollary gurmak,
giňeltmek we durkuny täzelemek, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, ilatly
ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça Baş meýilnamalara laýyklykda buýrujynyň
wezipesini ýerine ýetirýär. Mundan başga-da Direksiýa «Aşgabat siti» ýaşaýyş
toplumynda guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek,
gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini kämilleşdirmek, olaryň
hiline gözegçiligi talaba laýyk alyp barmak we gurulýan binalaryň we desgalaryň
bellenen möhletlerde işe girizilmegini üpjün etmek boýunça işleri öz üstüne
alýar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu
Direksiýada işleri maksadalaýyk guramak boýunça tagallalar edilýär. Bu bolsa
Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesinde düýbi tutulan «Aşgabat
siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk işleriniň öz wagtynda durmuşa geçiriljekdiginden
habar berýär.