2021-10-16
Geçen şenbe güni Türkmenistanyň
Gurluşyk we binagärlik ministrliginde «Aşgabat siti» Gurulýan desgalaryň
direksiýasynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi. Direksiýasynyň guramagynda
geçirilen iş ýygnagy paýtagtymyzyň demirgazygynda bina ediljek «Aşgabat siti»
taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly çärelere bagyşlandy. Ýygnaga
direksiýanyň agzalary, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hünärmenleri we
degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnagyň barşynda «Aşgabat siti»
taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler we alnyp barylýan işleriň
ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnagyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz
tarapyndan Direksiýanyň öňünde goýulan «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynda
guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek, gurulýan
binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini kämilleşdirmek, olaryň hiline
gözegçiligi talaba laýyk alyp barmak we gurulýan binalaryň we desgalaryň
bellenen möhletlerde işe girizilmegini üpjün etmek boýunça esasy wezipeleriniň
öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler bolup
durýandygy bellenildi.