2021-11-05
2021-nji ýylyň 25-nji maýy
Aşgabat şäheriniň taryhyny bezeýän iň ajaýyp şanly
seneleriň biri bolar. Çünki bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli
paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň binýadyny
tutup, täzeçil mega-taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi.
«Aşgabat-siti» munuň özi umumy
meýdany 744 gektar bolan ägirt uly toplum bolup durýar. Onuň çäklerinde ýaşamak
we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen, geljeki şäher düzümini emele
getirjek dürli maksatly binalaryň 240-dan gowragyny gurmak meýilleşdirilýär.
Täze iri ýaşaýyş toplumynyň durmuş maksatly binalar düzümini 12–35 gatly, 107
müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany kaşaň
ýaşaýyş jaýlary emele getirer. Mundan başga-da, bu düýbi tutulan ýaşaýyş
toplumynda etrap häkimliginiň we beýleki edaralaryň binalary, 1200 orunlyk dört
sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumy bilim berýän dört sany orta mekdebi, 5000
orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Şeýle hem bu toplum Türkmen milli
konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap
binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, söwda-dynç alyş
merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, dört sany köp gatly
awtoduralgalary, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» banklarynyň şahamçalaryny,
şeýle-de seýilgähleri, düzümleýin ýol-ulag desgalaryny, jemagat hojalygyna
degişli binalary, inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollary, ýerasty
we ýerüsti geçelgelerini hem-de dürli görnüşli monumentleri öz içine alar. Munuň
dowamynda şäher infrastrukturasyna «Akylly» tehnologiýalaryň girizilmegine möhüm
ähmiýet berler.
Mysal üçin, öýlerde oturdylan «Akylly»
ulgamlary durmuş hajatlary üçin energiýanyň we suwuň sarp edilýän möçberlerini
yzygiderli gözegçilikde saklamak bilen energiýanyň we suwuň artykmaç sarp
edilmeginiň öňini alar. Ýol çatryklarynda oturdylan «Akylly» datçikler ulag
akymyny kadalaşdyrmaga we ýol ulgamynda dyknyşyklaryň döremeginiň öňüni almaga
ýardam eder. Zir-zibil gutularyň ýagdaýy hakyndaky habarlaryň datçikler arkaly
jemagat gulluklaryna iberilmegi olaryň öz-wagtynda ýygnalmagyna we bu
gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Maglumat-aragatnaşyk
tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ösdürilmegi raýatlaryň aralykdan bilim almaklary,
telelukmançylyk hem-de intellektual saglygy goraýyş üçin-de amatly şertleri
döreder.
Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzyň
demirgazyk böleginde kemala geljek iri ýaşaýyş toplumynyň taslamasy häzirki
döwürde dünýä giňişliginde ýurdumyzyň iri gurluşyklary amala aşyrýan döwlet
hökmünde ykrar edilmeginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdymyzda «akylly şäher» konsepsiýasynyň
amala aşyrylmagynyň aýdyň nusgasy bolar.