2021-08-22
2021-nji ýylyň 24-nji maýynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Aşgabat şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagynda «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynda guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin Gurulýan desgalaryň direksiýasy döredildi. Şeýle hem resminama laýyklykda «Aşgabat siti» taslamasynyň gurluşygyny toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.
Paýtagtymyzyň demirgazygynda guruljak bu iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň sene ýazgysynda bu ýerde intellektual ulgamlar we sanly tehnologiýalar esasynda «akylly» şäher giňişliginiň dörediljekdigi bellenilýär. Şeýle hem umumy meýdany 744 gektar bolan bu uly toplum «şäher içindäki şäher» diýip atlandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Aşgabat siti» taslamasynyň gurluşygyny toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar hem bu ägirt uly taslamany öz wagtynda we ýokary hil derejesinde durmuşa geçirmek işlerine ýardam edýär.