2021-09-21
Türkmenistanyň döwlet
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Sergiler merkezinde 21-22-nji sentýabr aralygynda geçirilen sergide «Aşgabat
siti» taslamasynyň interaktiw portaly ilkinji gezek halk köpçüligine
görkezildi.
«Aşgabat
siti» taslamasynyň portaly iri ýaşaýyş jaýlaryň, medeni we durmuş
ähmiýetli binalaryň arhitekturasy, ýaşyl zolaklary, suw çüwdürimleri,
ýadygärlikleri, dynç alyş seýilgähleri şeýle-de, ýol gatnawlary barada ýakyndan
tanyşmaga, hem-de taslama barada öz garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik
berýän döwrebap we amatly ulgam bolup durýar.
Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar
«Aşgabat siti» taslamasynyň desgalary bilen ýakyndan tanyşmak üçin web portalyň
interaktiw usullarynyň berýän mümkinçilikleri, golaýlaşma we daşlaşma
usullaryny peýdalanyp olary synlama mümkinçiligi, şeýle hem 360 aýlaw derejede
aýlap hakykata golaýlaşdyrylan syýahat tehnologiýasy bilen giňişleýin tanyş boldular.