Täzelikler

Täzelikler

Yza

Dünýäniň akylly şäherleri

2021-10-01

Häzirki zaman şertlerinde «Akylly şäher» düşünjesi näme diýmegi aňladýar? Ekologiki taýdan arassa gurşawyň döredilmegi, özbaşdak işleýän ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ulanylmagy, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna emeli intelektiň we  ýaşaýjylaryň durmuş şertlerini ýeňilleşdirýän tehnologiýalaryň girizilmegi – bularyň ählisi häzirki zaman şäheriniň durkyny düýpli ýagdaýda üýtgedýär we ony «Akylly» şähere öwürýär.

Emma başga bir tarapdan, häzirki zaman akylly şäherleri sözüň giň manysynda diňe bir sanly tehnologiýalar ulanylan merkezler bolmak bilen çäklenmän, eýsem ilkinji nobatda ýaşaýjylaryň ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin ähli şertler döredilen şäherler bolup durmalydyrlar. Başga sözler bilen aýdanymyzda baş maksady häzirki zaman ylmynyň gazanalaryny ulanmak arkaly raýatlaryň amatly, rahat hem-de howpsuz ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün emek bolup durýan şäherlere – «Akylly şäherler» diýilýär.

Häzirki wagtda käbir ýurtlarda sanly tehnologiýalar ornaşdyrlan şäherleri düýp başdan gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de käbir döwletlerde eýýäm bar bolan şäherlere smart-tehnologiýalary girizmek arkaly olary akylly şähere öwürmäge gönükdirilen çärelere hem gaty uly üns berilýär. Bu ugurda Singapur, Nýu-Ýork, Londan, Barselona we Kopengagen ýaly şäherleriň gaty uly tejribesi bardyr. Mysal üçin, Singapur şäherinde köçe-ýol hereketini intellektuallaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şäheriň köçelerinde ulag dyknyşyklarynyň öňüni almaga kömek edýän akylly sfetaforlar şeýle-de ulag akymynyň ýygylygyny ölçeýän datçikler gurnalandyr. Şäheriň smart-awtoduralgalary içindäki ulaglaryň möçberiniň hasabyny özleri ýöredýärler we ýörite taýýarlanan telefon we kompýuter goşundylaryna boş ýerler hakyndaky maglumatlary iberýärler. Şeýle-de şäher – sürüjisiz dolandyrylýan awtoulaglaryň ilkinji tapgyryny kabul etmäge we ony şäher ulag-aragatnaşyk ulgamyna girizmäge taýýarlyk görýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýasy täze ýaşaýyş toplumlarynda giňden durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi we paýtagtymyzyň demirgazygynda düýbi tutulan «Aşgabat siti» döwrebap ýaşaýyş toplumy ýaly iri döwrebap taslamalar berkarar döwletimizde «akylly şäher» konsepsiýasyna doly kybap gelýän ilkinji taslamalar bolar.