Aşgabat

rekordlar kitabynda

Aşgabat

rekordlar kitabynda

Yza

Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumy

Ýurdumyzyň merkezi şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ikinji binasy  paýtagtymyz Aşgabadyň halkara aeroportuna barýan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heykelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumydyr.  Bu suw çüdürimler toplumy 2008-nji ýylyň 29-njy iyunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmaklygynda dabaraly ýagdaýda açyldy we  Ginnessiň rekordlar kitabynyň  şahadatnamasyna eýe boldy.

Merkezinde at üstünde oturan türkmen halkynyň nesilbaşysy  Oguz han bolan bu binagärlik toplumynda onuň alty ogly – Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han we Deňiz han şekillendirilendir. Ol türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşmek bilen, öz taryhyny we däp-dessurlaryny aýawly saklaýan türkmen halkynyň myhmansöýerligini alamatlandyrýar.

Ginnessiň rekordlar kitabynda aýdylyşy ýaly, bu toplumda sinhronlaşdyrylan, ýagtylandyrylan we dolulygyna meýilnamalaşdyrylan suw çüwdürimleriniň 27-si bolup, ol 14.82 gektar meýdany tutýar. Bu toplum Aşgabadyň iň özboluşly, täsin hem owadan ýerleriniň birine öwrüldi. Ilkinji nobatda, onuň adatdan daşary uludygy  özüne çekýär.  Suw çüwdüriminiň ähli «suw okaralarynyň» göwrümi 16 müň kub metre barabardyr, bürünç heýkeliniň umumy agramy bolsa 30 tonnadan geçýär. Onda iň täze tilsimatlar ulanylypdyr, şolaryň hatarynda gün energiýasyndan peýdalanmak hem ýola goýlupdyr.  Bu heýkeller toplumyny döredijileriň pikirine görä, ol türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji halkdygyny, onuň mizemez bitewiligini we jebisligini, şonuň bilen birlikde hem, türkmen döwletiniň dörediji ruhuny we kuwwatyny alamatlandyrýar.