Aşgabat

rekordlar kitabynda

Aşgabat

rekordlar kitabynda

Yza

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi

Ginnessiň rekordlar kitabyna 2011-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binagärlik  aýratynlygy hem girizildi. Ol aýratynlyk –  iki tarapdan hem ýörite aýna bilen örtülen ägirt uly Oguz hanyň ýyldyzydyr. Bu binagärlikde şöhlelendirilen iň uly ýyldyzdyr. Bu telediňiň  beýikligi, ýokarsyndaky antenna bilen bilelikde 211 metre barabardyr.  38 metrlik antenna  bolsa dünýäde iň öňdebaryjy tehnologiýanyň talaplaryna jogap berýär hem-de analogik  we sanly ýaýlymy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.  Häzirki zaman  telewizion minarasynyň içki desgalarynyň tutýan umumy meydany 60 müň inedördül metrden gowrakdyr.  Studiýalar we iş otaglary iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.