Aşgabat

rekordlar kitabynda

Aşgabat

rekordlar kitabynda

Yza

Aşgabadyň Halkara howa menzili

Ýurdumyzyň merkezi şäheriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen binalarynyň ýene biri Aşgabat Halkara howa menzilidir.  Bu howa menzil 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmaklygynda diýseň uly dabara bilen açylyp, işe girizildi. Aşgabat Halkara howa menzili 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Häzirki zaman howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde, «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi.