2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda
Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş
geçirildi. Bu ýörişde 2019 sany welosipedçi biri-birinden deň aradaşlykda bir
hatara düzülip Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan aýlandylar we 3300 metr
aralygy geçdiler. Munuň netijesinde 2019-njy ýylyň 3-nji martynda
Hindistanda goýlan ozalky rekord täzelendi. Bu waka «Guinness World Records»
kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy.
Şeýlelikde, paýtagtymyz gazanýan üstünliklerini, şol sanda sport ulgamynda
eýeleýän sepgitlerini dowam etmek bilen, ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna
girdi.